Raşid Meredow Ýaponiýanyň sanly ulgam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

  • 25.01.2024 23:12
  • 9.5k+

23-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň sanly ulgam işleri boýunça ministri Taro Kono bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda sanly ulgamyň infrastrukturasyny, sanly ykdysadyýeti, maglumat howpsuzlygy, emeli aň, internet, hünärmenleriň taýýarlygy we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.
Taraplar sanly tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze ugurlaryny kesgitlediler.
Şeýle-de, Ýaponiýa iş saparynyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalary Ýer, senagat, ulag we syýahatçylyk ministrliginiň hem-de «NTT Group» we «NEC Corporation» ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Olaryň dowamynda ulag-logistika we kommunikasiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlary boýunça pikir alyşmalar gurnaldy.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......