Täjigistanda Serdar Berdimuhamedowyň ilkinji kitaby tanyşdyryldy

  • 14.01.2024 17:27
  • 10k+

12-nji ýanwarda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy we 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli  «tegelek stol» maslahaty geçirildi.

Bu çärä «Täjigistan-Türkmenistan» dostluk jemgyýetiniň wekilleri, Täjigistanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenler we talyplar gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanynyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda, onuň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki orny, kitabyň diňe ösüp gelýän ýaşlar üçin ýankitaba öwrülmän, eýsem ähli türkmen raýatlary üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolandygy barada nygtaldy.
Duşuşykda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, ýylyň dowamynda milli hem-de halkara derejesinde akyldar şahyra bagyşlanan çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýeti barada pikir-alyşmalar geçirildi.
Çärä gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýetini belläp, onuň tutuş dünýä medeni-mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini nygtadylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......