Türkmenistan Belgiýada geçiriljek durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumyna gatnaşar

  • 13.01.2024 16:46
  • 6.6k+

2024-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumy geçiriler. Foruma türkmen wekiliýeti hem gatnaşar.

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew bu maýa goýum forumyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Çäräniň çäklerinde Ýewropanyň birnäçe kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ulag ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen gepleşikleri, işewürlik duşuşyklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Serdar Berdimuhamedow Brýussel şäherinde geçiriljek Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça maýa goýum forumyna ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, forumyň çäklerinde «Türkmenistanyň ulag toplumynyň maýa goýum mümkinçilikleri» atly plenar ýygnagy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.


düýn 23:05
934

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
811

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......