Türkmen uçarmanlaryny BAE-de taýýarlamak boýunça gatnaşyklary ýola goýmak teklip edildi

  • 05.01.2024 02:03
  • 11k+

4-nji ýanwarda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda geçirilen duşuşygyň barşynda ulag ulgamy mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi.

Türkmenistanyň ulag-logistika üpjünçilik ulgamlaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, türkmen ulag agentlikleri «DP World FZE» kompaniýasy hem-de «Abu Dhabi Ports Group» halkara porty bilen bilelikde  anyk teklipleri işläp taýýarlaýarlar. 
Raýat awiasiýasy ulgamynda hem hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, «Türkmenhowaýollary» agentligi we Birleşen Arap Emirlikleriniň «Dubai Aviation Corporation» (“Flydubai”) kompaniýasynyň arasynda türkmen uçarmanlaryny taýýarlamak boýunça gatnaşyklary ýola goýmak teklip edilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow geljegi uly ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek babatda täze anyk başlangyçlary beýan edip, olaryň tiz wagtda iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin emirlikler tarapyndan doly goldawa mynasyp boljakdygyna ynam bildirdi.


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......