Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentiniň Türkmenistan bilen işleri boýunça wekili bilen duşuşdy

  • 05.01.2024 00:34
  • 9.2k+

4-nji ýanwarda Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň birinji gününde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentiniň Türkmenistan bilen işleri boýunça wekili Mohamed Said Mohamed Al-Ariki bilen duşuşdy.

BAE-niň Prezidentiniň Türkmenistan bilen işleri boýunça wekili Gurbanguly Berdimuhamedowa wagt tapyp duşuşandygy üçin hoşallyk bildirip, tutuş dünýäde belent abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen ysnyşykly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow BAE şu gezekki saparyň barşynda geljegi uly ugurlarynyň ençemesi boýunça özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin  oňaýly şertleriň dörediljekdigini ynam bildirdi.
Söwda-ykdysady, bank-maliýe, ýangyç-energetika ulgamlary türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan «ýaşyl» energetikany ösdürmäge uly üns bermek bilen, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini giňden ulanmak boýunça taslamalary ilerletmäge gönükdirilen yzygiderli çäreleri görýär.
Ulag-kommunikasiýa ulgamy hyzmatdaşlygyň beýleki bir geljegi uly ugry hasaplanylýar.
BAE-niň Prezidentiniň  Türkmenistan bilen işleri boýunça wekili duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderine şu saparyň çäklerinde geçiriljek, türkmen-emirlikler ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga we mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjek duşuşyklaryň netijeli bolmagyny arzuw etdi.


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......