Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine bardy

  • 05.01.2024 00:25
  • 7.4k+

4-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine bardy.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar, şeýle hem BAE-niň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili ugratdylar.
Iki ýarym sagatdan soň türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde gondy.
Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini BAE-niň energetika ministri Suhail Al Mazrui we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.


Gysga wagtlyk söhbetdeşligiň barşynda taraplar dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň biri hökmünde Birleşen Arap Emirlikleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine ýurdumyz tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtadylar.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni howa menzilinden iş sapary mahalynda özi üçin niýetlenen kabulhana — «Emirates Palace» myhmanhanasyna ugrady.


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......