Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

  • 29.12.2023 09:09
  • 8k+

28-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda özara bähbitlilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly döwletiň Baştutanyna şu gezekki telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirip, guralýan her bir duşuşygyň ýa-da gepleşikleriň, ilkinji nobatda, türkmen hem-de özbek halklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň beýany bolup durýandygyny belledi.
Geçmişde biziň ýurtlarymyzyň çäklerinden geçip, asyrlaryň dowamynda Aziýany we Ýewropany baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly baradaky meseleler pikir alyşmalaryň esasy ugurlarynyň biri boldy. Türkmenistan we Özbegistan bu ýoluň merkezinde ýerleşmek bilen, şu günki günde taryhy geçelgäniň dikeldilmegi, onuň ägirt uly mümkinçilikleriniň häzirki zaman şertlerinde peýdalanylmagy ugrunda uly tagalla edýärler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň hem ulag we energetika ulgamlarynda strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy tamamlanyp barýan ýylyň türkmen-özbek gatnaşyklarynda möhüm wakalara baý bolandygyny we olaryň halklarymyzyň arasyndaky üýtgewsiz dost-doganlygyň aýdyň beýanyna öwrülendigini kanagatlanma bilen belläp, ýetip gelýän 2024-nji ýylda hem ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ozalkylary ýaly okgunly depgine eýe boljakdygyna, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......