Gurbanguly Berdimuhamedow türk kompaniýalary bilen goranmak ulgamynda gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

  • 26.12.2023 23:10
  • 13k+

26-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Baýkar Makina Sanaýi we Tijaret A.Ş.» kompaniýasynyň Baş müdiri Lütfü Haluk Baýraktar we «BMC Otomotiw Sanaýi we Tijaret A.Ş.» kompaniýasynyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Fuat Tosýaly bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Pikir alyşmalaryň dowamynda goranmak ulgamyndaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň dowamynda goranmak senagatynda dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýän bu türk kompaniýalarynyň tekliplerine garaldy we bu ugurda degişli ylalaşyklar gazanyldy.
Doganlyk ýurduň işewürleri ýolbaşçylyk edýän kompaniýalarynyň öndürýän ýokary hilli we dünýäde uly islegden peýdalanýan önümleriniň täze döwrebap görnüşlerini ilkinji bolup ata Watan Türkmenistana iberilmeginiň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant boljakdygyny buýsanç bilen bellediler.
Işewürler, öz gezeginde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň üpjün edilmegindäki möhüm ähmiýetini bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......