Türkmenistan boýunça howandarlyga mätäç çagalarda Gaznanyň hasabyna 260 sany operasiýa geçirildi

  • 24.12.2023 09:57
  • 18k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýurt boýunça howandarlyga mätäç çagalaryň hossarlarynyň ýüz tutmagy bilen jemi 260 sany operasiýa geçirildi. Bu barada Gaznanyň wise-Prezidenti R.Bazarow Gaznanayň müdiriýetiniň mejlisinde habar berdi. Muny «Watan» habarlar gepleşigi ýetirdi.

Şol sanda, 117 sany ýürek-damar kesellerinde, 102 sany ortopediýa kesellerinde we beýleki birnäçe keseller boýunça barlag bejergileri geçirildi. Mundan başga-da, 47 sany çagalarda saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary geçirildi. 54 sany çagalar saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edildi.
Şol sanda näsag çagalaryň daýanç-hereket ediş ulgamynda operasiýalary ýerine ýetirmek bilen bagly serişdeleri sarp edildi. 1 sany «Sawina» kysymly emeli dem beriş enjamy Mary welaýat çagalar hassahanasyna berildi. Ýurdumyzyň welaýatlaryndaky hassahanalaryň Çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglary berildi. Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna mekdep-internatlary we çagalar öýleri saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilýär.
Gaznanyň hasabyndan 2023-nji ýylyň dowamynda Türkiýe, Ukraina döwletleriniň, Russiýa Federasiýasynyň, Owganystanyň, Palestinanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömekleri iberildi.
Türkmen jemgyýetinde ene-atasyndan galan çagalary ogullyga ýa-da gyzlyga almak, olara mynasyp atlary dakmak bilen bagly soraglary çözmek maksady bilen, Gaznanyň ýanynda Ýaşulular Geňeşi döredildi.
R.Bazarow ýurdumyzda hossarsyz çaga ýokdur, her bir çaganyň arkasynda döwlet dur, döwlet Baştutany dur, halkyna hemişe hossar bolan türkmen halkynyň Milli Lideri dur diýip belledi.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......