Türkmenistana saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikleri üçin halkara güwänamalary berildi

  • 16.12.2023 09:00
  • 5.5k+

BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri tarapyndan Türkmenistana saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikleri üçin güwänamalar berildi. Bu barada wise-premýer N.Amannepesow Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Halkara ölçeglere we talaplara laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikler halkara guramalar, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilýär. Ýurdumyza berlen birnäçe güwänamalar munuň aýdyň beýanydyr. Şolaryň hatarynda BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan “Türkmenistanyň Hökümetiniň hemmeler üçin ýokary hilli dermanlara elýeterliligi, lukmançylyk hyzmatlarynyň yzygiderliligini we hilini üpjün etmek arkaly saglygy goraýşyň hyzmatlarynyň ählumumy gurşawynyň ýolunda ösüşi çaltlaşdyrmak boýunça möhüm tagallalary üçin” atly güwänamasy, BSGG-niň Supramilli referens barlaghanasynyň (Gauting, GFR) degişli güwänamalary bar.
Täze güwänamalaryň berilmegi milli saglygy goraýyş ulgamynyň abraýynyň barha belende galýandygynyň hem-de Prezidentiň baştutanlygynda halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan nusgalyk işe ýokary baha berilýändiginiň aýdyň mysalydyr.


düýn 11:31
3.3k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......