Awstraliýada adamlaryň pikirini okamaga ukyply emeli aň döredildi

  • 15.12.2023 20:50
  • 8.8k+

Sidneýiň Tehnologiýalar uniwersitetiniň (Awstraliýa) topary innowasion tehnologiýany teklip etdi: olar adam pikirlerini okap we beýni tolkunlaryny sözleýişe öwrüp bilýän emeli aňy tanyşdyrdylar. Bu barada mail.ru «Daily Mail» neşirine salgylanyp habar berýär.

Bu taslama adam pikirlenende beýnide bolup geçýän kesgitli elektrik işjeňligini gözegçilikde saklaýan we ony sözlere öwürýän datçikler bilen örtülen başgaby (şlem) ulanýar. Ilkibaşda bu taslama insult we ysmaz sebäpli gürlemek ukybyny ýitiren näsaglary bejermek üçin oýlanyp tapyldy.
Alymlar synag geçirdiler, onuň dowamynda 29 adama kompýuteriň ekranynda sözlemler görkezildi, olar bolsa ony içlerinden okamalydylar. Emeli aň beýniniň tolkunlaryny tutdy we şifrlenen maglumatlary monitorda görkezdi. Şeýlelik bilen, gatnaşyjylar ilki: «Gündiziňiz haýyrly bolsun! Ýagdaýyňyz gowudyr diýip umyt edýärin. Men kapuçino bilen başlaryn, haýyş edýärin, espresso has köpräk bolsun» diýen ýazgyny gördüler.
Emeli aň muny şeýle terjime etdi: «Gündiziňiz haýyrly bolsun! Ýagdaýlaryňyz nähili? Kapuçino, Xtra shot. Espresso».
Alymlar häzirki wagtda terjime takyklygynyň 40%-digini bellediler, ýöne hünärmenler bu görkezijini 90%-e çenli artdyrmak üçin işlerini dowam etdirýärler.


şu gün 10:51
634

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......