Türkmenistan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça 18-nji Ýaşlar maslahatyna gatnaşdy

  • 29.11.2023 14:59
  • 7.1k+

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde (COY18) geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça 18-nji Ýaşlar maslahatyna Türkmenistandan Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri gatnaşdy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, bu çäre esasy konferensiýanyň – BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky konwensiýasynyň (COP28) ýyllyk konferensiýasynyň, 30-njy noýabrdan 12-nji dekabr aralygynda Dubaýda geçiriljek konferensiýanyň öňüsyrasynda guraldy.
BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar konferensiýasy BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky konwensiýasynyň (YOUNGO) ýaşlar guramalarynyň resmi korpusynyň gatnaşmagynda geçirildi.
Dünýäniň dürli künjeklerinden müňden gowrak ýaşlar halkara klimat syýasaty barada pikir alyşmak üçin ýygnandy. Şu ýyl konferensiýa üç esasy ugra gönükdirildi: syýasat resminamalary, mümkinçiligi ýokarlandyrmak we hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça maslahatlar.
COY18-iň çäginde interaktiw çäreler, maslahatlar we çekişmeler geçirildi. BMG-niň Baş sekretary Antоniu Guterriş konferensiýa iberen ýüzlenmesinde howa ugrunda alnyp barylýan işlerde ýaşlaryň öňdäki hatarda durýandygyny aýtdy.
Köpçülikleýin klimat syýasaty babatynda ýaşlaryň tekliplerini jemleýän bütindünýä beýannama kabul edildi.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......