Türkmenistan ilçisi Ýaponiýanyň Syýahatçylyk agentlikleriniň assosiasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy

  • 25.11.2023 05:50
  • 3k+

24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Syýahatçylyk agentlikleriniň assosiasiýasynyň (JATA) prezidenti Kuniharu Ebina bilen duşuşyk geçirdi we onuň dowamynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň syýahatçylyk ugry boýunça özara pikir alyşdylar.

Ilçiniň bellemegine göra, biziň ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny kämilleşdirmekde halkara tejribäniň we bu ugurda gazanylanlaryň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär, şunda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýahatçylyk boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýedir.
Taraplar türkmen we ýapon syýahatçylyk kompaniýalarynyň arasynda alyş-çalyş okuw maksatnamalarynyň ähmiýetini bellediler diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......