Raşid Meredow BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen gepleşikleri geçirdi

  • 16.11.2023 13:41
  • 2.2k+
15-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen bilen onlaýn duşuşyk geçirdi. 

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda ekologiýa, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi barada pikir alşyldy we geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Taraplar ählumumy daşky gurşaw meselelerini çözmegiň halkara, sebit we milli derejelerde tagallalary birleşdirmegi talap edýändigi barada umumy pikiri beýan etdiler. Halkara guramalary bilen utgaşdyrylan işlerde köptaraplaýyn we ulgamlaýyn hyzmatdaşlygyň zerurlygy nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapy ýöriteleşdirilen gurluşy - merkezi edarasy Aşgabatda ýerleşýän Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjynyň möhümdigini tassyklady.
Belläp geçsek, şu ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasynda, Türkmenistanda we Merkezi Aziýada howa tehnologiýalaryny we innowasiýalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary işläp düzmekde bilelikdäki işleriň esasyna öwrülmäge gönükdirilen, özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Şunuň bilen birlikde, söhbetdeşler atmosferadaky metan zyňyndylaryny azaltmak meselesi boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şeýle hem Ählumumy Metan borçnamasy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar şu ýylyň 30-njy noýabryndan 12-nji dekabry aralygynda Dubaýda geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjylaryň 28-nji mejlisiniň (COP 28) gün tertibi barada pikir alyşdylar.


düýn 18:54
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......