Raşid Meredow türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň geljegi barada giňişleýin pikir alyşmalary geçirdi

  • 16.11.2023 13:30
  • 1.8k+
15-nji noýabrda Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça komitetleriň başlyklary R.Meredowyň we H.Tsubaýyň arasynda söhbetdeşlik geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibiniň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň geljegi barada giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi.
R.Meredow Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly we uzakmöhletleýin häsiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, söwda we ykdysady ugurda özara gatnaşyklary giňeltmek meselesinde möhüm orny ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetlerine berilýändigi mälim edildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar geçen ýylyň dekabr aýynda Tokio şäherinde geçirilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň 14-nji mejlisinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi barada pikir alyşdylar.
Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň arasynda gol çekilen infrastruktura pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnamanyň Ýol kartasyny işjeňleşdirmegiň zerurlygy barada umumy pikir aýtdylar.
Mundan başga-da, söhbetdeşligiň çäklerinde energetika, gaz-himiýa we nebiti gaýtadan işlemek pudaklardaky, ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine üns çekildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......