Türkmenistanda Mustafa Kemal Atatürki hatyralamak çäresi geçirildi

  • 10.11.2023 14:27
  • 15k+

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň ilkinji prezidenti we esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürki hatyralamak çäresi geçirildi. Bu barada Anadolu agentligi habar berýär.

Türkiýäniň lideri 1938-nji ýylyň 10-njy noýabrynda aradan çykdy. Şondan bäri her ýyl bu senede 09:05-de (Atatürküň takyk aradan çykan wagty) ýurduň ähli ýerinde bir minut dymyşlyk yglan edilýär.
Aşgabatdaky hatyralamak çäresi Atatürk seýilgähinde geçirildi. Oňa Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi Togan Oral, Aşgabat şäher häkimliginiň başlygynyň orunbasary Baýrammyrat Gurbanow, Aşgabadyň türkmen-türk mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary, ýurtda ýaşaýan Türkiýäniň raýatlary, şeýle-de HBS-iň wekilleri gatnaşdy.
Hatyralamak çäresi bir minut dymyşlyk we iki ýurduň döwlet senalarynyň ýerine ýetirilmegi bilen başlandy.
Çärede Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi Togan Oral çykyş etmek bilen, Atatürküň öz döwründe ajaýyp liderlik häsiýetlerine eýe bolan we umyt galmady diýlip hasaplanan wagty milleti dikeltmegi başaran zehinli adam bolandygyny belledi. Oral Atatürküň ýurduň ruhdan düşen raýatlaryna umyt berip, olarda “milletiň ykbalyny diňe halkyň kesgitlejekdigine” ynam döredendigini sözüniň üstüne goşdy.
Çärä gatnaşyjylar seýilgähdäki Atatürküň ýadygärligine gül desselerini goýdular.
Ýatlap geçsek, şu ýylyň oktýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna eden saparynyň dowamynda Mustafa Kemal Atatürküň Ankarada ýerleşýän aramgähine gül goýdy.


düýn 19:38
3.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......