Serdar Berdimuhamedow Mustafa Kemal Atatürküň Ankaradaky aramgähine baryp gördi

  • 26.10.2023 13:45
  • 10k+

Şu gün, 26-njy oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna amala aşyrýan ilkinji resmi saparyny bu dostlukly döwletiň düýbüni tutujy we ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň Ankarada ýerleşýän aramgähine gül goýmakdan başlady. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berdi.

Irden ýadygärlik toplumyna gelende, belent mertebeli türkmen myhmanyny Türkiýäniň resmi adamlary garşyladylar. Şeýle-de bu ýerde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary ýygnandylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Atatürküň guburynyň öňündäki ýörite bellenen ýerde gül desselerini goýmak bilen, doganlyk türk halkynyň liderini hatyralady. Soňra döwlet Baştutany toplumyň Misak-i milli (Milli ylalaşyk) binasyna baryp, Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Ýeri gelende bellesek, «Anytkabir» — sözme-söz terjime edilende «ýadygärlik mazary» diýmegi aňladýan taryhy arhitektura ýadygärligi Türkiýe Respublikasynyň düýbüni tutujy Mustafa Kemal Atatürküň hormatyna bina edilendir. Onuň gurluşygyna ömrüni türk halkynyň abadan durmuşynyň bähbidine bagyşlan Atatürk aradan çykandan alty ýyldan soň — 1944-nji ýylda başlandy. 1953-njy ýylda gurluşygy tamamlanan bu toplum ýerli ýaşaýjylaryň, şol sanda syýahatçylaryň hem gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Aramgähi, muzeýdir seýilgähi we beýleki desgalary öz içine alýan toplumyň umumy meýdany 750 müň inedördül metre barabar bolup, onuň gurluşygynda seljuk hem-de osmanly ýörelgeleri özara sazlaşygy emele getirýär.
«Anytkabiriň» altyn mozaika bilen örtülen piramida görnüşli gümmezli däp bolan sekizburçluk şekilinde bina edilen Hormat zalynda ilkinji Prezident Mustafa Kemal Atatürküň gubury ýerleşýär. Muzeýde onuň bilen bagly ýadygärlik zatlar, şahsy goşlary saklanýan bolsa, arhitektura desgasynyň içinde simmetrik usulda bina edilen 10 sany diň Atatürküň Türkiýe Respublikasynyň ösüşine güýçli täsirini ýetiren iň möhüm ideýalaryny alamatlandyrýar.


düýn 22:17
939

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......