Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça Milli ýaşlar maslahaty geçirildi

  • 03.11.2023 22:47
  • 11k+

3-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Hökümeti BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Ilçihanalary bilen hyzmatdaşlykda Howanyň üýtgemegi boýunça Milli ýaşlar maslahatyny gurady. Bu çäre Türkmenistanyň ýaşlaryna howa bilen bagly möhüm meseleler boýunça bilim bermekde we olary howanyň üýtgemegine garşy ählumumy göreşiň işjeň hyzmatdaşlaryna öwürmekde möhüm tapgyr boldy.

Türkmenistanyň dürli künjeginden 200-den gowrak ýaşlaryň gatnaşmagynda Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahaty Bütindünýä ýaşlar maslahatynyň (COY18) we BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň maslahatynyň (COP 28) 28-nji sessiýasynyň öňüsyrasynda geçirildi. Maslahatyň maksady, ýaş nesilleriň arasynda howanyň üýtgemegi, onuň durmuş-ykdysady ösüşe, daşky gurşawyň durnuklylygyna we biodürlülige edýän täsiri, şeýle hem howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga we täsirini gowşatmaga kömek edýän öňdebaryjy çözgütleri durmuşa geçirmäge umumy çemeleşmeleri ösdürmekden ybarat boldy.
Howa meseleleri boýunça her ýyl geçirilýän Ýaşlar maslahatynyň şu ýylky täzeliklerinden biri, ol hem Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherlerinde sebitleýin duşuşyklaryň geçirilmegi bolup, maslahatyň çägini Aşgabadyň çäginden has giňeltdi.
Maslahatda geçirilen pikir alyşmalaryň netijelerine esaslanyp, Türkmenistanyň Ýaşlarynyň Milli jemleýji beýannamasy kabul edildi. Bu beýannama, Türkmenistanyň ýaşlarynyň isleglerini we ýaş gatnaşyjylaryň BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy proseslerine, milli syýasat meselelerine, Türkmenistanda we dünýäde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly beýleki temalara bolan garaýyşlaryny açyp görkezýär. Milli Ýaşlar Beýannamasy COY18-de başlar we Dubaýdaky COP28-de resmi YOUNGO ählumumy garaýşynyň bir bölegini emele getirer diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.


düýn 11:32
2.3k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....