Raşid Meredow Aşgabatda Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri bilen gepleşikleri geçirdi

  • 02.11.2023 15:14
  • 2.6k+

1-nji noýabrda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisine gatnaşmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabada sapar bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryň ileri tutulýan we geljegi uly ugurlarynyň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar.
Ministrler iki döwletiň ýolbaşçylarynyň erki bilen özara hormat goýmaga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli we yzygiderli ösüşi barada bellediler.
Şeýle hem, Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG çäklerinde ýola goýulan işjeň hyzmatdaşlygy seljerilip geçildi. Ministrler “Merkezi Aziýa +” gepleşikleriniň çäginde hyzmatdaşlygyň möhümdigini we ähmiýetlidigini nygtadylar.
Diplomatlar söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny tassyklamak bilen, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberleriniň artýanlygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, elektroenergetikada, gaz pudagynda, ulagda we logistikada, maýa goýum babatynda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine hem üns çekildi.
Duşuşykda taraplar dürli derejede geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşyklaryň we çäreleriň tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.


düýn 19:38
3.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......