«Arçman» şypahanasynyň durky düýpli täzelener

  • 29.10.2023 14:53
  • 16k+

«Nahal» hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze 400 orunlyk bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň taslamasyny düzer we ony döwrebap enjamlar bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurar. Şeýle hem öň bar bolan «A» we «B» binalarynyň durkuny täzelemek işlerini ýerine ýetirer. Munuň üçin Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Resminama laýyklykda, şeýle hem şertnamada binalar toplumy üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak we olary umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulandyr.
Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak we binalar toplumyny 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......