Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Ýaponiýanyň ilçisi bilen duşuşdy

  • 28.10.2023 08:39
  • 5.6k+

27-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Ýaponiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hirýoýuki Ýamamoto bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy döwletara we parlamentara gepleşikleriň ösmegine goşan goşandy üçin Ilçä minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýasy, söwda, ykdysady, maýa goýumlary, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi we mümkinçilikleri ýaly birnäçe möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. BMG bilen birlikde halkara guramalarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda ýapon diplomaty iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen Türkmenistanda diplomatik missiýasynyň durmuşa geçirilmegine doly goldaw we ýardam berendigi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň Metbugat gullugy habar berdi.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......