Türkmenistan Türkiýe bilen oba hojalygynda we suw serişdelerini rejeli ulanmakda hyzmatdaşlygy ösdürmeklige taýýar

  • 26.10.2023 23:16
  • 8.3k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilýän Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky eden çykyşynda Türkmenistanyň Türkiýe bilen oba hojalygynda we suw serişdelerini rejeli ulanmakda hyzmatdaşlygy ösdürmeklige taýýardygyny aýtdy.

«Häzirki döwürde oba hojalygy pudagy ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň hatarynda orun alýar. Biziň esasy wezipämiz ýurtlarymyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekden we bu ugurda halkara tagallalaryna goşant goşmakdan ybarat bolup durýar» diýip, döwlet Baştutany belledi.

Serdar Berdimuhamedow aýdyşy ýaly, Türkmenistanda oba hojalygy we agrosenagat pudagyna köp mukdarda maýa goýulýar, onuň maddy-tehniki binýady yzygiderli kämilleşdirilýär.

«Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, tohumçylyk we seleksiýa ulgamyny ösdürmek we täze iş tilsimatlary önümçilige ornaşdyrmak babatda Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi we tejribe alyşmagy teklip edýäris. Bu ugurlarda ýöriteleşen türk kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygymyzy beýan edýäris» diýip, Prezident nygtady.

Döwlet Baştutany belleýşi ýaly, bu gün bütin dünýä howanyň üýtgemegi we beýleki ekologik wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Şeýle şertlerde suw hojalygy pudagynyň ähmiýeti yzygiderli artýar.

«Biz ýurtda suw üpjünçilik we suw paýlama ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmagy meýilleşdirýäris. Bu derwaýys pudakda sebit we halkara hyzmatdaşlygyna hem ähmiýet berýäris» diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow şunuň bilen baglylykda, suw serişdelerini rejeli ulanmak we suwy tygşytlama tilsimatlaryny ornaşdyrmak babatda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak baş wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi.

«Galyberse-de, anyk taslamalar hökmünde Garagum derýasynyň hanasynyň we ýan kanallarynyň infrastrukturasynyň täzelenmegi we giňeldilmegi ýaly taslamalar barada bellemek bolar. Bu ugurlarda hem degişli türk kompaniýalary bilen ysnyşykly hereketleri alyp barmaga taýýardygymyzy nygtamak isleýäris» diýip, Serdar Berdimuhamedow aýratyn üns çekdi.


düýn 19:38
3.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......