Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energetika hünärmenleri Samarkantda geçiriljek iki çärä gatnaşarlar

  • 24.10.2023 17:40
  • 4.1k+

Şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Samarkant şäherinde Utgaşdyryjy toparyň 42-nji mejlisi we Merkezi Aziýanyň Utgaşdyryjy elektrik energetikasy geňeşiniň 40-njy mejlisi geçiriler. Report agentliginiň özbek HBS-ine salgylanyp belleýşi ýaly, bu barada Özbegistanyň Energetika ministrligi habar berdi.

Energetika forumyna Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň degişli guramalarynyň we gurluşlarynyň wekilleri gatnaşar. Şeýle-de, çärelere synçy hökmünde Russiýadan hem hünärmenler gatnaşar.
Hünärmenler iş tertibinde Merkezi Aziýa sebitiniň 2023-2024-nji ýyllaryň güýz-gyş möwsümine taýýarlyk meselelerini we bu ugurda ýerine ýetirilen işleri seljererler. Şeýle-de, kemçilikler we olary çözmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşylar.

“...Merkezi Aziýanyň halkalaýyn energiýa ulgamynda elektrik üpjünçiliginiň durnuklylygyny üpjün etmek, elektrik energiýasynyň kesilmeginiň öňüni almak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini elektrik ulgamlaryna birikdirmek, olaryň dogry ulanylyşy boýunça zerur tejribeleri, şeýle-de sebitiň suw baýlyklaryndan oýlanyşykly peýdalanmagyň perspektiwalaryny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar – diýlip, edaranyň habarynda aýdylýar.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......