Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa iş saparyny tamamlap, Aşgabada dolandy

  • 20.10.2023 08:09
  • 24k+

19-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlap, paýtagtymyz Aşgabada dolanyp geldi.

Öň, iş saparynyň tamamlaýjy gününde Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşiklerini geçirendigini habar beripdik.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.
Bu ýerde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili türkmen halkynyň Milli Liderini HHR-e saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň taraplaryň hoşmeýilli erkine, deňhukukly strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirildi.


şu gün 19:38
234

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

şu gün 19:26
188

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 20:55
2.6k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......