Penşenbe güni Türkmenistanda howanyň sowap, güýçli ýagyş ýagmagyna garaşylýar

  • 11.10.2023 20:40
  • 26k+

12-nji oktýabrda Türkmenistanda howanyň birden sowamagyna, köp şäherlerde bolsa, güýçli ýagşyň ýagmagyna garaşylýar diýip, Gismeteo meteorologiýa gullugy habar berýär.

Aşgabatda howanyň iň ýokary çägi +20 gradusdan geçmez. Gündizine 15,3 mm-e çenli ygal düşer. Hepdäniň ahyryna çenli howanyň gündelik ortaça temperaturasy +16 ... +13 gradus aralygynda bolar.
Penşenbe güni Balkanabatda howanyň maksimal temperaturasynyň +18 gradus bolmagyna garaşylýar. Çarşenbe güni başnanan ýagyş ir ertir hem dowam eder. 4,9 mm-e çenli ygal düşer. Ýekşenbä çenli howanyň gündelik ortaça temperaturasy +15 ... +16 gradus bolar.
Penşenbe güni Daşoguzda howanyň temperaturasy +13 gradusa düşer. 2,1 mm-e çenli ygal düşüp biler. Tizligi sekuntda 16 metre ýetýän güýçli şemalyň öwüsmegine garaşylýar. Hepdäniň ahyryna çenli gündelik ortaça temperatura +11 gradus bolar.
Maryda penşenbe güni howanyň maksimal temperaturasy +24 gradusa çenli düşer. 2,9 mm-e çenli ygalyň düşmegine we tizligi sekuntda 16 metre ýetýän şemalyň öwüsmegine garaşylýar.  Anna güni howanyň temperaturasy +17 gradusa düşer, hepdäniň ahyryna çenli howanyň ortaça gündelik temperaturasy +12 ... +15 gradus aralygynda bolar.
Türkmenabatda penşenbe güni howanyň iň ýokary çägi +24 gradusa düşer. Şäherde az-kem ýagyş ýagyp, güýçli şemal öwser. Hepdäniň ahyryna çenli howanyň temperaturasy +11 .... +12 gradus aralygynda bolar.


düýn 18:22
7.9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.7k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....