Türkmenistan Owganystanda ýertitremesinden ejir çekenlere ynsanperwer kömegini iberer

  • 11.10.2023 01:49
  • 26k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, harytlary hem-de azyk önümlerini ynsanperwer kömegi hökmünde Owganystana ibermek hakynda karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Oba hojalyk ministrligi, Dokma senagaty ministrligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu harytlary üpjün eder.
Daşary işler ministrligine 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Owganystana ynsanperwer kömeginiň iberilmegini we gowşurylmagyny guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek tabşyryldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, bu ynsanperwerlik kömegi Owganystanda bolup geçen  güýçli ýertitremesi zerarly ejir çeken dostlukly döwletiň doganlyk halkyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde we guramagynda amala aşyrylýar.
Öň habar berşimiz ýaly, 7-nji oktýabrda, şenbe güni Hyrat şäherinden takmynan 40 km demirgazyk-günbatarda 6,3 ball magnitudaly güýçli ýertitremesi bolup geçdi, soňra ýene gaýtalanýan sarsgynlar boldy.
Associated Press habarlar gullugynyň habar bermegine görä, ýertitremesinde heläk bolanlaryň sany 2000-den geçdi.


düýn 16:30
550

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......