Owganystandaky ýer titremesinde 2000-den gowrak adam heläk boldy

  • 08.10.2023 18:06
  • 75k+

Associated Press habarlar gullugy Taliban hökümetiniň wekiliniň sözlerine ​ salgylanyp, Owganystanyň günbataryndaky ýertitremesinde heläk bolanlaryň sanynyň 2000-den geçendigini habar berdi.

Bu soňky 20 ýylda iň weýrançylykly ýertitremesidir.

7-nji oktýabrda, şenbe güni Hyrat şäherinden takmynan 40 km demirgazyk-günbatarda 6,3 ball magnitudaly güýçli ýertitremesi bolup geçdi, soňra ýene gaýtalanýan sarsgynlar boldy.

Tebigy betbagtçylygyň netijesinde alty töweregi oba weýran boldy. Ýüzlerçe adam harabalygyň astynda galdy. Soňra 465 jaýyň weýran bolandygy we ýene 135-sine zeper ýetendigi habar berildi. BMG entek harabalygyň aşagynda-da ýene adamlar ​ bar bolsa gerek diýip habar berýär.

2022-nji ýylyň iýunynda Owganystanyň gündogarynda güýçli ýertitremesi bolupdy. Onda azyndan 1000 adam ýogalyp, ​ 1500 adam şikes alypdy.


20.06.2026 14:57
6.9k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.3k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....