Oktýabryň birinji hepdesi Türkmenistanda bulutly howa bolup, ýagyş ýagar

  • 03.10.2023 12:20
  • 25k+

Türkmenistanda hepdäniň ahyryna çenli güneşli we bulutly howa saklanar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +31 gradus bolar, ýöne gijelerine salkyn howa bolar diýlip çak edilýär diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +10... +12 gradusdan +15... +17 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +24...+26 gradusdan +29... +31 gradus aralygynda maýyl bolar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +9... +14 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21... +26 gradusdan +27... +32 gradus aralygynda maýyl bolar.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Howa gijelerine +9... +14 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda, gündizlerine +27... +32 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +24... +28 gradus maýyl bolar.
Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +8... +13 gradusdan +12... +17 gradus aralygynda, gündizlerine +21... +26 gradusdan +28... +33 gradus aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +8... +13 gradusdan +13... +18 gradus aralygynda, gündizlerine +20... +25 gradusdan +27... +32 gradus aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +6... +11 gradusdan +11... +16 gradus aralygynda, gündizlerine +19... +24 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl bolar.


12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....