Şols: Germaniýa we Merkezi Aziýanyň bäş döwleti şeýle formatda täze duşuşyk geçirer

  • 01.10.2023 08:05
  • 8.2k+

Germaniýanyň kansleri Olaf Şols Germaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň - Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleriniň şuňa meňzeş formatda ýene bir duşuşygyny geçirmek barada ylalaşandyklaryny aýtdy.

Ol Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň ýolbaşçylarynyň Berline eden saparyny aýratyn bir waka diýip atlandyrdy.

"Biz 30 ýyllyk gatnaşygymyza daýanýarys we bu formatda ýene duşuşmak barada ylalaşdyk" - diýip, Şols özüniň X (öňki Twitter)  sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy.

Duşuşykdan soň kabul edilen bilelikdäki beýannamada “döwlet we hökümet baştutanlarynyň gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge razy bolandyklary we Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň kansleriniň indiki duşuşygyny 2024-nji ýylda Merkezi Aziýada geçirmek teklibini makullandyklary nygtalýar”.
Germaniýanyň kansleri Olaf Şols anna güni öz edarasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň - Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň baştutanlaryny we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny kabul etdi. Gepleşiklerde sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 23:05
478

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
725

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......