Türkmenistan «Сlaas» kompaniýasynyň täjirçilik teklibini amala aşyrmak meselelerine girişmäge taýýar

  • 30.09.2023 09:29
  • 12k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-german işewürler maslahatyndaky çykyşynda GFR-iň kompaniýalaryna oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine geçmegi teklip etdi.

«Oba hojalyk pudagynda Türkmenistan bilen «Сlaas» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň köpýyllyk oňyn tejribesini nazara almak bilen, innowasion çemeleşmeli, öňdebaryjy «ýaşyl» tehnologiýalary we sanly ulgamy işjeň ulanmak arkaly hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine geçmegi teklip edýäris» – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýdyşy ýaly, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi hem-de «Сlaas» kompaniýasy bilen bilelikde, ýurdumyzyň oba hojalyk tehnikalarynyň, enjamlaryň we ätiýaçlyk şaýlaryň nobatdaky tapgyryny getirmek üçin önüm öndürijileriň birleşigi döredildi.

«Biziň hünärmenlerimiz bu kompaniýanyň täjirçilik teklibini amala aşyrmak meselelerine girişmäge taýýardyrlar» – diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.


düýn 18:57
1.1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
973

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......