NASA-da Bennu asteroidinden alnan toprakly konteýneri açdylar

  • 28.09.2023 11:59
  • 15k+

NASA-nyň merkezinde alymlar tas üç ýyl mundan ozal OSIRIS-REx enjamynyň kömegi bilen Bennu asteroidinden alnan topragyň nusgalaryny saklaýan kapsulany açdylar. Kapsula geçen ýekşenbe güni Ýere gondy we ýörite gatnaw bilen NASA-nyň Hýustonda ýerleşýän Jonson adyndaky merkezine eltildi. Bu barada 3dnews.ru habar berýär.

“Ol ýerde tozana meňzeş nähilidir bir gara material görünýär. Biz onuň Bennu asteroidinden alnan materialdygyna umyt edýäris” – diýip, gözlegçiler kapsulanyň gapagyny galdyran wagtlary aýtdylar.

Indi kapsulanyň iç ýüzündäki bu “tozan” nusgalary NASA-nyň barlaghanalarynyň birine seljeriş üçin iberiler. Eýýäm şu anna güni bu “tozanyň” asteroidden ýygnalandygyny ýa-da onuň başga bir zatdygyny anyk bilmek bolar diýlip garaşylýar. Ýöne hakyky hazyna heniz kapsuladan çykarmaly bolan TAGSAM nusgalyk alyjy enjamda saklanýar. Hünärmenler munuň iki hepde töweregi wagt aljakdygyny çaklaýarlar.
Bennu asteroidinden alnan nusgalaryň 70%-i geljekki barlaglar üçin ýygnalyp goýlar. Galan 30% dünýäniň birnäçe barlaghanalarynyň arasynda paýlanar, bu asteroidden alnan material we onuň himiki düzümi barada ilkinji garaýyşlary çalt almaga mümkinçilik berer.  
Bu derňew işi nusgalary ýapon enjamy tarapyndan Ýere getirilen başga bir Rýugu asteroidinden alnan materialyň seljermesiniň garaşsyz tassyklamasy bolar. Rýugudan alnan materiallarda organika we witaminler ýüze çykaryldy. Eger alymlar Bennudan alnan materialda hem şol bir zady tapsalar, onda bu Ýerdäki ýaşaýşyň kosmiki gelip çykyşy baradaky teoriýany ep-esli güýçlendirer.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....