Serdar Berdimuhamedow «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň wekilini kabul etdi

  • 27.09.2023 00:27
  • 11k+

26-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow  Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen  “Kawasaki Heavy Industries Ltd.”  ýapon kompaniýasynyň strategiki meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabeni kabul etdi.

Serdar Berdimuhamedow myhmany mähirli mübärekläp hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, iri ýapon kompaniýasynyň wekiliniň şu saparynyň döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Soňky ýyllarda dünýä belli ýapon kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk aýratyn ösüşe eýe boldy. Bu kompaniýalar ençeme ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işleýärler.
Tatsuýa Watanabeniň wekilçilik  edýän “Kawasaki Heavy Industries Ltd.”   kompaniýasynyň “Türkmenhimiýa” we “Türkmengaz”  döwlet konsernleri bilen netijeli hyzmatdaşlykda önümçilik desgalarynyň gurluşygyny üstünlikli amala aşyrandygy munuň aýdyň mysalydyr.
Duşuşygyň çäklerinde ýurdumyzda amala aşyrylýan, milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga we okgunly ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň geljegi barada gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy.
Türkmenistanyň himiýa we nebitgaz pudagyny ösdürmekde täze taslamalary durmuşa geçirmek, hususan-da, ýurdumyzda fosfor, ammiak, karbamid we tebigy gazdan benzin öndürýän desgalaryň önümçiligini artdyrmak boýunça tekliplere seretmäge taýýardyrys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.    
Öz nobatynda, işewür  wekilçilik edýän kompaniýasynyň ýurdumyz bilen uzakmöhletli özara bähbitli hyzmatdaşlyga çalyşýandygyny nygtap, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändigini we türkmen hyzmatdaşlaryna öz tejribesini hem-de iň täze tehnologik işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge taýýardygyny belledi. Türkmen bazarynda işewürligi ilerletmek üçin has oňaýly şertler döredildi.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......