Gurbanguly Berdimuhamedow «Bouygues» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen geljekki işler barada pikir alyşdy

  • 27.09.2023 00:07
  • 8k+

26-njy sentýabr Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bouygues”  kompaniýalar toparynyň baş direktory  Marten Buig bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ýerine ýetirilýän işleriň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Meşhur fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy wekilçilik edýän holdingi üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de Aşgabadyň binagärlik keşbini özgertmäge gönükdirilen giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň uly hormatdygyny nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtynyň keşbini özgertmek boýunça giň gerimli gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmekde  «Bouygues»  kompaniýasynyň baý tejribesini aýratyn nygtady.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan taslamalarda biz ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň, innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagyny, ekologiýa howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilmegini, gurluşykda türkmen äheňleriniň nazara alynmagyny hemişe goldaýarys diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we “Bouygues”  kompaniýasynyň öz üstüne alan borçnamalaryny bellenen wagtynda we jogapkärli ýerine ýetirmeginiň hem-de gurluşygyň ýokary hilini üpjün etmeginiň zerurdygyny belledi.    
Duşuşygyň dowamynda geljekki işler barada pikir alşyldy, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, fransuz kompaniýasynyň täze bilelikdäki taslamalara gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine garaldy.
Öz nobatynda, işewür  “Bouygues”  kompaniýasynyň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna mundan beýläk-de berk hem-de örän jogapkärli eýerjekdigine ynandyrdy.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......