Gurbanguly Berdimuhamedow «John Deere» kompaniýasynyň oba hojalyk bölüminiň prezidenti bilen duşuşdy

  • 26.09.2023 23:49
  • 11k+

26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «John Deere» amerikan kompaniýasynyň oba hojalyk bölüminiň prezidenti Mark fon Pents bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, «John Deere» kompaniýasy bilen ýola goýlan işewür gatnaşyklaryň uzakmöhletli häsiýete eýedigi bellenildi.
Bellenilişi ýaly, şu ýyl bu işjeň gatnaşyklara 30 ýyl dolýar. Geçen ýyllaryň dowamynda “John Deere”  kompaniýasy özüni diňe oňat tarapdan görkezdi. Amerikan kompaniýasynyň Türkmenistana iberilýän dürli görnüşli oba hojalyk tehnikalarynyň sanynyň artmagy köpýyllyk hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Obasenagat toplumy üçin niýetlenen “John Deere”  kysymly ýöriteleşdirilen tehnikalar ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde netijeli işleýär.
Türkmenistan üçin ýokary hünärli ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak uzakmöhletli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlaryň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň hem üstünlikli dowam etdirilmegi üçin oňat mümkinçilikler bar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we “John Deere”  kompaniýasynyň  netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy.


08.06.2026 18:54
3.8k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......