Gurbanguly Berdimuhamedow «CLAAS» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 26.09.2023 23:27
  • 6.1k+

26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-iň  «CLAAS»  kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzer bilen geçiren duşuşygynyň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-german gatnaşyklarynyň meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy. Söwda-ykdysady ulgam şol gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda Türkmenistanda ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalary nazara almak bilen dürli pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly mümkinçilikleriň döreýändigi bellenildi.  Munuň üçin ägirt uly kuwwat, şol sanda senagat, energetika, ulag we kommunikasiýalar, obasenagat toplumy ýaly ulgamlarda we beýleki ugurlarda giň mümkinçilikler bar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň arasynda ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklary ýola goýmakda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Şunda iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygy, şol sanda maýa goýum ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidigi tassyklanyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyz toplanan oňyn tejribä esaslanyp, germaniýaly hyzmatdaşlarymyzyň netijeli gatnaşyklary dowam etdirmek boýunça anyk tekliplere garamaga taýýardyr.


şu gün 07:42
882

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......