Serdar Berdimuhamedow nemes hyzmatdaşlaryny has işjeň gatnaşyk etmäge çagyrdy

  • 26.09.2023 22:54
  • 9.5k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, nemes hyzmatdaşlaryny has işjeň gatnaşyk etmäge çagyrdy. Bu barada döwlet Baştutany 26-njy sentýabrda GFR-iň «CLAAS»  kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzer bilen duşuşygynda belledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Germaniýa dürli pudaklarda, şol sanda saglygy goraýyş, oba hojalygy we maliýe-bank ulgamlarynda netijeli gatnaşyk edýärler. German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti bilen söwda-ykdysady, işewür gatnaşyklary ösdürmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek boýunça hyzmatdaşlyk üstünlikli amala aşyrylýar.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirip, ýokary tehnologiýalary, döwrebap bilimleri we öňdebaryjy dolandyryş çözgütlerini tejribä ornaşdyrmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna uly üns berýär. Serdar Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, nemes hyzmatdaşlarymyzy has işjeň gatnaşyk etmäge çagyrdy. Munuň üçin bolsa uly mümkinçilikler bar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......