Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: gijelerine +10 gradusa çenli salkynlar

  • 26.09.2023 22:05
  • 14k+

Şu hepdäniň dowamynda ýurdumyzda açyk howanyň bolmagyna garaşylýar. Ýöne sebitleriň käbirinde az-kem ýagyş ýagar, howa gijelerine +10 gradusa çenli peseler. Howanyň ortaça temperaturasy +29 gradus bolar diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Aşgabatda hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +10... +12 gradusdan +15... +17 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +24... +26 gradusdan +27... +29 gradus aralygynda maýyl bolar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar.Howa gijelerine +9... +14 gradusdan +13... +18 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21...+26 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl bolar.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +10... +15 gradusdan +15... +23 gradus aralygynda, gündizlerine +26... +31 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +23... +28 gradus maýyl bolar.
Mary welaýatynda az-kem bulut ly howa bolup, howa gijelerine +8... +13 gradusdan +13... +18 gradus aralygynda, gündizlerine +20... +25 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +8... +13 gradusdan +13... +18 gradus aralygynda, gündizlerine +21... +26 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup. Howa gijelerine +7... +12 gradusdan +11... +16 gradus aralygynda, gündizlerine +20... +25 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl bolar.


12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....