29-njy sentýabrda Germaniýanyň Kansleri Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri bilen duşuşar

  • 26.09.2023 07:22
  • 19k+

Germaniýanyň kansleri Olaf Şols şu hepde Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň Liderlerini kabul eder diýip, Germaniýanyň hökümetiniň metbugat sekretary Şteffen Hebestraýtyň aýdanlaryna salgylanyp, EURACTIV habar berýär.

Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri 29-njy sentýabrda Berlinde Şols bilen gepleşikleri geçirerler.
Metbugat wekili bu Ýewropa Bileleşigi ýurtlary bilen ilkinji bilelikdäki duşuşyk bolar diýmek bilen, sözüniň üstüni ýetirdi.
Hebestraýt "Gepleşikler ikitaraplaýyn gatnaşyklar, ykdysady meseleler we energiýa syýasaty hyzmatdaşlygy ýaly birnäçe ugurlary öz içine alar" – diýip belledi.
Hytaý we Ýewropa Bileleşigi ýaly dünýäniň beýleki ösen ýurtlary hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýar.
Hytaýyň Prezidenti Si Szinpin maý aýyndaky möhüm sammitde Merkezi Aziýanyň bäş Liderini kabul etdi we ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden hem geçen hepde Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde “C5” bilen ilkinji duşuşygyny geçirdi.


düýn 23:05
478

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
725

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......