1301 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi, 265 adama ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi

  • 23.09.2023 00:09
  • 43k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow 1 müň 301 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakyndaky Permana hem-de 265 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakyndaky Karara gol çekdi. Degişli resminamalara döwlet Baştutany anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek we ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek hakynda hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Daşary işler ministrligi we ýurdumyzyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan we döwletimiziň raýatlygyna kabul edilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan   1 müň 301 adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Raýatlygy almak üçin hödürlenýän adamlar 32 milletiň wekilleri bolup durýar. Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlaryna ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 265 adamyň ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Olar dünýäniň 13 döwletiniň raýatlary we 25 milletiň wekilleri bolup durýarlar.
Belläp geçsek, ençeme ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary bilen ýurdumyzda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty bolmadyk 29 müň 697 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Häzirki wagta çenli 4 müň 753 daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......