Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy bilen duşuşdy

  • 19.09.2023 07:59
  • 8.8k+

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow 18-nji sentýabrda Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ýurdumyz Ýewropa Bileleşigi bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli dialogy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Şol dialog bolsa ýylsaýyn giňelip, gatnaşyklaryň täze ugurlaryny öz içine alýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu halkara düzümi bilen ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem “Ýewropa Bileleşigi—Merkezi Aziýa” Dialogynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy.
Ýewropa Bileleşigi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ykdysady we durmuş taýdan ösdürilmeginiň ileri tutulýan wezipelerini çözmäge gönükdirilen, şol sanda kanunçylyk, bilim, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi ulgamlarynda ýöriteleşdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň ençemesini durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolup gelýär.
Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda Ýewropanyň esasy kompaniýalarynyň türkmen ykdysadyýetiniň köp pudaklarynda – nebitgaz toplumynda, ulag, elektrik energetikasy, gurluşyk, aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamlarynda işleýärler.
Söhbetdeşligiň barşynda gatnaşyklaryň esasy ugurlary we bar bolan köpugurly mümkinçilikler babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
4.8k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......