Türkmenistanyň dört welaýatynda pagta ýygymy badalga aldy

  • 09.09.2023 18:57
  • 14k+

Şu gün Türkmenistanda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, hormatly ýaşulular tarapyndan Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagta meýdanlarynda ýygyma girişildi. Bu barada Türkmenistan Habarlar portaly habar berýär.

2023-nji ýylda 580 müň gektar ýere pagta ekildi. Ony gysga möhletlerde we ýitgisiz ýygnamak oba hojalyk işgärleriniň esasy wezipesi bolup durýar. Bu möwsümde bolsa, babadaýhanlar 1,2 million tonnadan gowrak pagta hasylyny ýygnamagy meýilleşdirýärler.
Pagtaçylyk Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň möhüm pudagydyr. Ýurduň toprak-howa şertleri pagtanyň orta we inçe süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin diýseň amatlydyr.
Häzirki wagtda Türkmenistanda dokmaçylyk toplumlaryny kemala getirmek boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar. Ýurt boýunça bolsa, dokma senagaty ministrligine degişli 60-dan gowrak kärhana hereket edýär.
Türkmenistan boýunça pagta ýygymy möwsüminde 1600 kombaýn, ýygnalan hasyly daşamak üçin ulag serişdeleriniň 7800-si ulanylar. Muňa görä hasaplanyňda, bir günde 12 müň gektar ýerden hasyl ýygnap, ähli hasyly 52 günüň içinde tamamlap bolýar.
Ýygym möwsüminiň başlanmagy mynasybetli guralan dabaralaryň çäklerinde, oba hojalyk tehnikalarynyň, gaýtadan işleýän we dokma senagatynyň önümleriniň sergisi guraldy. Medeniýet işgärleriniň ýerine ýetiren aýdymlary we folklor oýunlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Howa şertlerine laýyklykda, ýurduň demirgazyk welaýatynda pagta ýygnamak möwsümi 15-nji sentýabrda başlar.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......