Türkmenistanda garaşylýan hepdelik howa maglumaty (04.09 — 10.09)

  • 05.09.2023 16:13
  • 18k+

Hepdäniň dowamynda welaýatlaryň käbirinde az wagtlaýyn ýagşyň ýagmagy mümkin. Şeýle-de bolsa Türkmenistanda howanyň ortaça temperaturasy +37 gradusa deň bolar.

Aşgabatda hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +16... +18 gradusdan +22... +24 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31... +33 gradusdan +35... +37 gradus aralygynda yssy bolar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +16... +21 gradusdan +20... +25 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30... +35 gradus maýyldan +33... +38 gradus aralygynda yssy bolar.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +19.. +24 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33... +38 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +30... +35 gradus maýyl bolar.
Mary welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, howa gijelerine +14... +19 gradusdan +19... +24 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +29... +34 gradus maýyldan +32... +37 gradus aralygynda yssy bolar.
Lebap welaýatynda hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +14... +19 gradusdan +19... +24 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +28... +33 gradus maýyldan +32... +37 gradus aralygynda yssy bolar. 
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +13... +18 gradusdan +18... +23 gradus, gündizlerine +25... +30 gradusdan +31... +36 gradus aralygynda maýyl bolar.


12.06.2026 18:22
8.9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....