Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi saýlawlarda ynamly ýeňşi bilen gutlady

  • 10.07.2023 11:31
  • 18k+

Türkmen halkynyň MIlli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň täze saýlanan Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow özbek Liderini tüýs ýürekden gutlap, özbek halkyna abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Özbegistanyň taryhynda 9-njy iýulda möhletinden öň geçirilen ilkinji saýlawlarda ýurduň häzirki Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ynamly ýeňiş gazandy. Onuň dalaşgärligini birbada iki partiýa öňe sürdi.

Saýlawlaryň deslapky netijelerini Daşkentde Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew brifingde yglan etdi. Ol Şawkat Mirziýoýewe 13 mln 625 müň 55 adamyň ses berendigini habar berdi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......