Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystanyň Prezidentini gutladylar

  • 17.05.2023 08:45
  • 17k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe şanly 70 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

«Siziň ýolbaşçylygyňyzda Gazagystan Respublikasy döwlet gurluşyny berkitmek hem-de durmuş-ykdysady ösüş ýolunda yzygiderli öňe barýar. Soňky ýyllarda dünýä giňişliginde ýurduňyzyň abraýy barha ýokarlandy. Biz Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly, strategik gatnaşyklaryň berkidilmegine Siziň goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirýäris” diýip, Serdar Berdimuhamedow hatynda belledi.
«Siziň alyp barýan döredijilikli syýasatyňyz we amala aşyrýan özgertmeleriňiz netijesinde, halkyň hal-ýagdaýy ýokarlanýar, ýurduň ykdysady kuwwaty berkeýär. Biz doganlyk Gazagystanyň soňky ýyllarda gazanan üstünliklerine guwanýarys. Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk yzygiderli giňelip, täze many-mazmun bilen baýlaşýar. Şunuň bilen baglylykda, däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklarymyzy ösdürmäge Siziň ägirt uly şahsy goşandyňyzy bellemek zerurdyr. Türkmen-gazak strategik hyzmatdaşlygynyň hoşniýetli goňşuçylyk we tüýs ýürekden ynanyşmak ruhunda geljekde-de hemmetaraplaýyn pugtalandyryljakdygyna çuňňur ynanýaryn” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow hatynda belledi.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......