BMGÖM Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralaryna täze enjamlary gowşurdy

  • 02.05.2023 11:24
  • 11k+

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine 45 sany näsagyň monitory we 100 sany pulsoksimetr gowşuryldy. Täze lukmançylyk enjamlary TSGweDSM-niň garamagyna BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň «Türkmenistanda COVID-19-a garşy göreşmek» taslamanyň çäklerinde gelip gowuşdy. Bütindünýä banky taslamany maliýeleşdirmek üçin ABŞ-nyň 80,852 dollaryny bölüp berdi diýip, ORIENT agentligi BMGÖM-niň Türkmenistandaky edarasyna salgylanyp habar berýär.

Bu enjamlar inçe bejeriş bölümlerinde we reanimasiýalarda ulanylyp, näsagyň pulsuny, ýürek urgusyny, arterial basyşyny, temperaturasyny we ganyň kislorod bilen doýgunlygyny yzarlamaga mümkinçilik berýär. EKG-niň netijeleri bolsa enjamyň özünde neşir edilip, kardiologa gowşurylyp bilner.
Täze gelen enjamlar Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň saglygy goraýyş edaralaryna paýlanyp berler.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......