Ertir Aşgabatda 3 sany iri saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutular

  • 14.03.2023 21:55
  • 31k+

Ertir, 15-nji martda Aşgabatda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň, şeýle hem Stomatologiýa merkeziniň gurluşyklarynyň düýbüni tutmak dabarasy geçiriler. Ýurdumyz üçin ähmiýetli täze desgalary Türkiýäniň «Gap Inşaat» kompaniýalar topary gurar. Bu barada şu gün, 14-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen geçiren duşuşygynda bellenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow ilki bilen doganlyk ýurtda bolup geçen tebigy betbagtçylyk zerarly gurban bolanlaryň  dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanç we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi. Şu agyr pursatda olara duýgudaşlyk bildirmegiň türkmen halkyna mahsus häsiýetleriň biridigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri medet beriji sözleriň ynsan ruhuny götermekde ähmiýetlidigini durmuş tejribesiniň subut edendigini aýtdy.
Duşuşygyň barşynda işewür özüniň ýolbaşçylyk edýän düzüminiň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň netijeleri, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň kesgitlenen ugurlary barada hasabat berdi.


şu gün 17:39
430

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......