Alymlar soňky 100 million ýylda Ýeriň nähili üýtgändigini görkezdiler

  • 07.03.2023 12:35
  • 37k+

Awstraliýadaky Sidneý uniwersitetiniň alymlary soňky 100 million ýylda Ýeriň geologiki üýtgemeleriniň jikme-jik modelini hödürlediler. Birbada iki wideo okuw mekdebiniň resmi YouTube kanalynda peýda boldy.

Wideo bu döwrüň dowamynda landşaftyň nähili üýtgändigini görkezdi: derýalaryň hereketi, Dünýä ummanynyň derejesiniň üýtgeýşi, mineral ýataklar, tektoniki plitalaryň hereketi. Şeýle hem howa we dürli tebigy hadysalar, mysal üçin wulkanlaryň atylmagy ýa-da ýer titremeleri ýaly meseleler göz öňünde tutulypdyr.
Barlagçylar tarapyndan gurlan model 100 million ýylda yklymlaryň nädip 10 km süýşüp-hereket edendigini görkezýär. Global Scalable Paleo Landscape Evolution diýlip atlandyrylýan ikinji wideoda derýalaryň akymyna, şeýle hem tektoniki plitalaryň hereketine has köp üns berlip. Bu üýtgeşmeleriň hemmesi birnäçe ýüz kompýuter prosessoryň kömegi bilen  hasaplandy.
Bu taslama geljekde peýdaly bolar diýip hasaplanýar. Barlagçylar howanyň üýtgemegine we tektoniki güýçlere Ýeriň üstüniň nähili jogap berjekdigini öwrenip bilerler. Bu modeller planetada geljekde boljak  üýtgeşmeleri hasaplamaga mümkinçilik berer.


şu gün 20:31
776

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

düýn 10:53
1.9k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.8k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.7k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......