Gurbanguly Berdimuhamedow TSTB-niň agzalaryna ynanylan gurluşyklaryň haýal alnyp barylýandygyna ünsi çekdi

  • 05.03.2023 14:28
  • 54k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrmagy boýunça Aşgabadyň günorta künjegine iş saparyny çäklerinde wise-premýer B.Annamämmedowa hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowa ýüzlenip,  paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň depginleriniň pesdigini belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şäherde durmuş maksatly desgalaryň, aýratyn-da, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanylan gurluşyklaryň haýal alnyp barylýandygyna ünsi çekip, bu ugurda  ýerine ýetirilýän işlerde ýol berlen kemçiliklere kanun esasynda jogap bermeli boljakdygyny ýatlatdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.
Aşgabat şäheriniň häkiminiň kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belläp,  hormatly Arkadagymyz hususy gurluşyk kompaniýalaryň işi döwrüň talabyna laýyk derejede guramak üçin olaryň alyp barýan işleriniň ünsden düşürilýändigini aýtdy we häkimiň bu ugurda alyp barýan işlerine nägilelik bildirdi. 
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän “Garagum” myhmanhanasynyň ýanynda gurulýan söwda merkeziniň we Magtymguly şaýolunyň ugrunda bina edilýän ikinji bir söwda merkeziniň gurluşyklarynyň depginini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi häkimden berk talap etdi.


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

01.06.2026 07:34
8.4k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......