Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň günorta bölegine iş saparyny amala aşyrdy

  • 04.03.2023 23:50
  • 37k+

4-nji martda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrmagy boýunça Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň günorta böleginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň barşy, birnäçe şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde Russiýanyň  «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato bilen duşuşdy.   

«Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar topary bu ýerde rejelemek, dizaýn-bezeg işlerini ýerine ýetirýär.
Soňra Türkmen halkynyň Milli Lideri şekil taslamalarynyň ýanyna geldi. Bu ýerde «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy I.Bukato alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.   
Ýerine ýetirilýän işler bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz bu ýerdäki basgançaklaryň hem-de onuň degişli serişdeleriniň oňaýly we amatly bolmalydygyna ünsi çekdi hem-de häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribesiniň we täzeçil usullarynyň işjeň ulanylmagyna, diňe ýokary hilli, ýerli tebigy we howa şertleriniň täsirine  durnukly, berk serişdeleriň ulanylmagyna mundan beýläk-de ýokary derejede üns berilmelidigini nygtady. 
Şonuň bilen birlikde-de, hormatly Arkadagymyz medeni-seýilgäh toplumda täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigini aýdyp, häzirki zaman yşyklandyryş enjamlaryny ulanmak arkaly Pyragynyň tutuş ösen adamzat jemgyýetine belli bolan şygyrlarynyň ganatly setirlerini baýyrlaryň ýüzünde lazer şöhlelendirmeleri arkaly ýagtylandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu wezipeleri üstünlikli çözmäge jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy. Gurbanguly Berdimuhamedow desganyň açylyş dabarasynda şu aýratynlyklary hem hökman peýdalanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtap, açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini aýratyn nygtady.
«Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy sözüni dowam edip, «Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi» awtomobil ýolunyň gurluşygy boýunça hasabat berdi.
Mundan başga-da, Gurbanguly Berdimuhamedow suw meselesi barada durup geçdi. Bu babatda häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, suw serişdelerini gorap saklamagyň we olary rejeli peýdalanmagyň täzeçil tehnologiýalary we ylmyň soňky gazananlaryny ulanmak arkaly ýurdumyzyň ähli derýalarynda endigan suw akymyny üpjün etmegiň möhümdigi bellenildi.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowa hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowa ýüzlenip,  paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň depginleriniň pesdigini belledi.
Gahryman Arkadagymyz şäherde durmuş maksatly desgalaryň, aýratyn-da, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanylan gurluşyklaryň haýal alnyp barylýandygyna ünsi çekip, bu ugurda  ýerine ýetirilýän işlerde ýol berlen kemçiliklere kanun esasynda jogap bermeli boljakdygyny ýatlatdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.  


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

01.06.2026 07:34
8.4k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......