Serdar Berdimuhamedow: «Goşulyşmazlyk Hereketiniň hyzmatdaşlyk boýunça anyk gün tertibi bar»

  • 02.03.2023 14:42
  • 38k+

«Goşulyşmazlyk Hereketiniň hyzmatdaşlyk boýunça anyk gün tertibi bar.

Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň Sammitinde eden çykyşynda belledi diýip, Trend agentligi ýetirýär.
Onuň bellemegine görä, sammitiň çäklerinde lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk gurallaryna seredilip bilner.

«Biz BMG-niň beýleki ynsanperwer edaralary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy saklamalydyrys. Biz öz ykdysady gün tertibimizi öňe sürmelidiris. Mäkäm parahatçylyk hem-de durnuklylyk bolan ýagdaýynda biz üstünlik gazanyp bileris» - diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

TmCars-yň habar berşi ýaly, sammitiň işine 70-den gowrak ýurduň wekilleri, şol sanda Bosniýa we Gersogowinanyň, Özbegistanyň, Yragyň, Liwiýanyň prezidentleri, Kubanyň, Gabonyň, Tanzaniýanyň wise-prezidentleri, Alžiriň we Keniýanyň premýer-ministrleri, dürli ýurtlaryň ýokary derejeli wekilleri, şeýle hem halkara guramalarynyň ýolbaşçylary — BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň prezidenti Çabo Kýorýoşi, BMG-niň Bütindünýa syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwili, Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň Baş direktory Antonio Witorino, BMG-niň Ženewadaky bölüminiň Baş direktory Tatýana Walowaýa, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň baş sekretary Hysrow Noziri we beýlekiler, şeýle hem ministrler, ministrleri orunbasarlary, ilçiler we beýlekiler gatnaşýar.

 


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
719

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......